3-NJİ DERS:GEPLEŞİK WE ÇEKİMSİZLİLER

 

 

SÖZLEÝJİ(S):SALAM,MÄHRİBAN ÝAŞLAR!

DİŇLEÝİJİ(D):SALAM,MUGALLYM!

 

S:TÜRKMEN DİLİNDEN ÜÇÜNJİ DERSİMİZE HOŞ GELDİŇİZ!

D:HOŞAL BOLDUK!

 

S:EZİZ ÝAŞLAR,BİZ BU DERSİMİZDE HEM GEPLEŞİK HEM-DE ÇEKİMSİZ  SESLERİ GAÝTALAP GEÇERİS WE ÖŇKİ DERSİMİZİ HAS YKJAM BERKİDERİS!GEPLEŞDİKMİ?!

D:GEPLEŞDİK.

 

S:Türkmen diliniň elipbiýinde jemi näçe harp bar?

D:Türkmen elipbiýinde jemi 30(otuz) harp bar.

 

S:Şol harplary elipbiý tertibine görä aýdyp bilersiňizmi?Kim aýdyp berjek?!

D:Mugallym,men synanyşyp göreýin.

 

S:Berekella,hany siz aýdyň!Siz bolsa,onuň aýdan harplaryny tagtada ýazyň.Geliň,çekinmäň!

D1: a,be,çe,de,e,ä,fe,ge,he,i,je,že,ke,le,me,ne,ňe,o,ö,pe,re,se,şe,te,u,ü,we,y,ýe,ze.

D 2.:Aa,Bb,Çç,Dd,Ee,Ää,Ff,Gg,Hh,İi,Jj,Žž,Kk,Ll,Mm,Nn,Ňň,Oo,Öö,Pp,Rr,Ss,Şş,Tt,Uu,Üü,Ww,Yy,Ýý,Zz.

 

 

S:Haý,berekella!Dogry.Geliň,bu gün çekimsizleriň aýratynlyklaryny öwreneliň. Türkmen dilinde jemi ýigrimi bir sany çekimsiz harp bar.Hany,depderiňizi açyň,olary okalyň.Siz okaň!Siz bolsa tagtada ýazyň.

D1:be,çe,de,fe,ge,he,je,že,ke,le,me,ne,ňe,pe,re,se,şe,te,we,ýe,ze.

D2:Bb,Çç,Dd,,Ff,Gg,Hh,Jj,Žž,Kk,Ll,Mm,Nn,Ňň,Pp,Rr,Ss,Şş,Tt,Ww,Ýý,Zz.

 

S:İlki bilen Bb çekimsizi hakynda:sözüň başynda gelip bilýär. Käbir mysallar alalyň: bal,barmak,bermek, bakmak,baslyk,başlyk,Bäherden,Balkan,Bereket, Baýramaly ,Büzmeýin,  Berdi,Berkeli,Baýramgül,Bägül...

Sözüň ortasynda gelip bilýär.Ýöne söz ortasynda we iki çekimli arasynda gelen b sesi “w”sesine meňzeş aýdylýar.Käbir mysallar:baba(dogry aýdylyşy:bawa).Bu sözleriň ýazylyşyna we aýdylyşyna üns beriň we depderiňize ýazyp alyň:

 

DOGRY ÝAZYLYŞY:                              DOGRY AÝDYLYŞY

 

Oba                                                                 owa

Käbe                                                                Käwe

Gurban                                                            Gurwan

Toba                                                                towo

Käbir                                                               käwir

Abat                                                                Awat

Erbet                                                               Erwet

Gabyr                                                              gawyr

Gabat gelmek                                                  gawat gelmek

Düýbünde                                                        düýwünnö

Gabagyny galdyrdy                                         gawagny gallyrdy...wşm.

 

Ýene bir aýratynlygy “b”sesi öz öňünden gelýän”m”sesine meňzäp,gepleşikde,söz düzüminde we  söz birikmesinde “m”sesine meňzeş aýdylýar:

Ýazylyşy         Aýdylyşy

 

Gambar           Gammar

Ýirgimi bäş     ýigrim mäş

Dembermez     demmermez

Başam barmak  başam marmak

Sem bolmak      sem molmok

Kim bolupsyň?! Kim molupsuň?!

Gam basmak      gam   masmak...wşm. 

 

Türkmen sözlerinde söz soňunda asla gelmez.

 

Türkmen atalar sözünden:”Bir gün duza müň gün salam!”;”Baryny beren uýalmaz”;”Bal süýji,baldanam bala süýji”;”Bu günki işiňi ertä goýma”.

 

 

S:“Ç,ç” çekimsizi hakynda.Sözleriň her bir ýerinde gelip bilýän çekimsiz ses diýipdik.Geliň,muňa degişli mysallar ýazalyň.

Söz başynda:Çary,Çakan,Çemen;çarwa,çadyr,çaga,çäge,çäre,çöl,çör,çöp,çaý,çil,çanak...

Söz ortasynda:keçe,saçak,paçak,gaçak,üçek,(üçök),Köçek,(Köçök),Göçer(Göçör);açar,uçar...

Söz soňunda:saç,täç, gaç,g,gulaç(guloç),güýç,goç,artykmaç...

Aýratynlyklary:

1.”ç” özünden soň gelen “d” sesi  bilen täsire girip, gepleşikde ”ş” sesi görnüşinde aýdylýar:

 

ýazylyşy                   aýdylyşy:

açdy                          aşdy

gaçdy                        gaşdy

göçdük                      göşdük

biçdim                       bişdim

uçduň                        uşduň

seçdim                       seşdim

içde                           işde

içden                         işden

göçden                      göşdön

uçdantutma                uşdontutmo

saçdan dynmak          saşdan dynmak

 güýçden gaçdym      güýşdön gaşdym...wşm.

 

2.”ç” özünden soň gelen “l” sesi  bilen täsire girip, gepleşikde ”ş” sesi görnüşinde aýdylýar:

 

ýazylyşy                   aýdylyşy

 

üçlük                        üşlük

giçlik                        gişlik

Täçli                         Täşli

harçlyk                     harşlyk

içlik(mata)                işlik

içlekli(nahar)            işlekli

uçly                           uşly

saçly                          saşly

burçly(nahar)            burşly

açlyk ýyllary             aşlyk ýyllary

gaçha-gaçlyk             gaçha-gaşlyk

güýçli şemal              güýşlü şemal....wşm.

 

 

 

3.”ç” özünden öň gelen “ş” sesi  bilen täsire girip, gepleşikde goşa ”şş” sesi görnüşinde aýdylýar:

 

ýazylyşy                   aýdylyşy:

 

başçy                         başşy

aşçy                            aşşy

dişçi(doktor)               dişşi

işçi                              işşi

ýolbaşçy                     ýolwaşşy...wşm.

 

4.”ç” özünden soň gelen “j” sesi  bilen täsire girip, gepleşikde goşa ”şş” sesi görnüşinde aýdylýar:

 

ýazylyşy                   aýdylyşy:

 

içjek                           işşek

gaçjak                        gaşşak

göçjek                        göşşök

uçjak                          uşşak

goşjak                        goşşok

seçjek                         seşşek...wşm.

 

S:“D,d” çekimsizi hakynda.Sözüň başynda we ortasynda gelýär.Türkmen sözleriniň soňunda gelmez.Dymyk çekimsizleriň öňünden gelip bilmez.

 

Söz başynda:düýe(düýö),dolak(dolok),dogan(dogon),durna(durno),duz(duz),damja,degirmen,düýn...

Söz ortasynda:çadyr(çadyr),badak,ördek(ördök),igde,sagdak,aýdym,kendir,kepderi,Durdy,Döwlet(Döwlöt)...

 

S:Sözlük üstünde işlemek:

 

“Daşyňyzdan aýlanaýyn,(Daşyňyzzan aýlanaýyn)

Daşyňyzdan aýlanaýyn,(Daşyňyzzan aýlanaýyn)

Başyňyzdan  aýlanaýyn,(Başyňyzzan aýlanaýyn)

Pyragyny gören daglar” (Pyragyny görön naglar)(Kerim Gurbannepesow.Daglar.)

 

Bu ýerde setir başyndaky üç söz birmeňzeş galypdan bolan kökdür:1.Daş-töwerek,2.Daş-dagy emele getiren gaty jisim,daş;3.Baş-belentlik,ýokarky bölek manysynda;4.Aýlanmak-gezmek,dolaşmak,hormat goýmak,sylamak manysynda gelen işlikdir.5.Pyragy-türkmeniň ussat şahyry Magtymguludyr.6.Görmek,7.Dag .

Nakyl:Dagy-daşy ýel bozar,adam arasyny söz.Bu nakylyň manysyny öwreniň!

 

S:“F,f” çekimsizi hakynda.Türkmen sözlerinde kän ulanylmaýan “f” köplenç alynma sözlerde duş gelýär.Az sanly türkmen sözleriniň soňunda gelýändigini görmek mümkin.Meselem:üf,tüf,püf,çüf...Görnüşi ýaly,bu sözlerde “f” çekimsizi “ü” çekimlisi bilen baglanyşykly ulanylypdyr.Muny ýasama sözlerden hem görüp bileris: tüfdan,tüflemek(tüflömök),çüflemek(çüflömök)...